Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel ABŞ-nyň Pariž ylalaşygyndan çykmak karary 'örän gynandyryjy' diýdi


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, Berlin, 2-nji iýun. 2017.
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, Berlin, 2-nji iýun. 2017.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel prezident Donald Trampyň ABŞ-nyň howanyň maýlamagyna garşy göreş boýunça Pariž ylalaşygyndan çykmagy baradaky kararyny “örän gynandyryjy” diýip atlandyrdy.

2-nji iýunda Berlinde parlamentde eden gysga çykyşynda Merkel öz ýurdunyň 2015-nji ýylda Parižde baglaşylan halkara ylalaşygyna goşulyp, üstüne alan borçnamalary berjaý etmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.

“ABŞ-nyň prezidentiniň howanyň maýlamagy boýunça Pariž ylalaşygyndan çykmak baradaky karary örän gynandyryjy we men bu barada özümi örän çäklendirip aýdanymda şeýle diýýärin” diýip, Merkel Trampyň öz kararyny mälim etmeginiň ertesi eden çykyşynda belledi.

Merkel howanyň maýlamagyna garşy göreşde 1997-nji ýylda Kyoto klimat protokolyndan başlanan we 2015-nji ýylda Parižde baglaşylan “taryhy” ylalaşyk bilen dowam etdirilen prosesden yza tarap ýoluň ýokdugyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG