Orsýetiň Türkiýeden azyk önümleriniň birnäçe görnüşiniň import edilmegine girizen çäklendirmeleri ýatyrmagy 2015-nji ýylda Türkiýäniň orsýet uçaryny urup gaçyrmagyndan soň iki ýurduň bozulan aragatnaşyklaryny dikeltmek boýunça ädilen nobatdaky ädim boldy.
Premýer-ministr Dmitriý Medwedew tarapyndan gol çekilip, 2-nji iýunda hökümetiň websaýtynda çap edilen karara görä, Türkiýeden towuk etiniň, hyýaryň, şetdalynyň, üzümiň, almanyň we ýene brinäçe miwäniň importyna gadagançylyk aradan aýrylýar.
31-nji maýda prezident Wladimir Putin türkiýeli işgärleri işe almak we türk şirketleri baradaky çäklendirmeleri ýatyrýan karara gol çekdi.
Orsýetiň Türkiýäniň azyk önümerine garşy sanksiýalary girizmek çäresi, türk söweşiji uçarynyň 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Siriýa bilen serhedinde orsýet uçaryny urup, ýere gaçyrmagyndan soň amala aşyrylypdy.
Şol döwürden bäri Putin we Erdogan iki ýurduň gatnaşyklaryny gowulandyrmak ugrunda ençeme ädim ädipdi. Olar 3-nji maýda Soçide duşuşyk geçirdiler.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!