Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagonyň başlygy Demirgazyk Koreýanyň ýadro yhlasy 'görnetin howp' diýýär


 ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis
ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis

Waşington Demirgazyk Koreýanyň barha gyssanmaç ýagdaýda Birleşen Ştatlara we beýleki döwletlere wehim salýan ýadro ýaragly raketlary edinmek tagallalaryna “aýdyň we görnetin howp” hökmünde garaýar diýip, ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis aýdýar.

Mattis 3-nji iýunda, Singapurdaky halkara howpsuzlyk konferensiýasynda çykyş edip, Demirgazyk Koreýany "dyzmaç harby howp” diýip atlandyrdy. “Biz diplomatiki ugurdan, ykdysady taýdan işleýäris, Demirazyk Koreýanyň BMG-nyň kararlaryny bozup, ýadro ýaraglanyşygyny haýdatmagynyň öňüni almak üçin mümkin bolan ähli alternatiwlary ulanmaga çalyşýarys” diýip, ol aýtdy.

"Biz muny togtatmak isleýäris. Biz muny gaýragoýulmasyz hasaplaýarys” diýip, Mattis sözüniň üstüni ýetirdi.

Emma muňa garamazdan, Mattis Hytaýyň Amerika we beýlekiler bilen Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglaryndan dynmak meselesinde işleşmek wadalaryny täzelemeginiň prezident Donald Trampyň adminstrasiýasyny ruhlanandyrandygyny aýtdy.

Ýöne ol Hytýayň emeli adalarda we günorta Hytaý deňzindäki dawaly adalarda “jedelsiz harbylaşmasyny”, halkara kanunlarynyň äsgerilmezligi hökmünde, berk tankyt etdi.

XS
SM
MD
LG