Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Adam jaýlanýan wagty bolan partlamalarda 7 adam öldi, 100-den gowrak ýaralandy


Owganystanyň baş ýerine ýetiriji ofiseri Abdulla Abdulla bu partlamalaryň janyndan geçen bombaçylaryň işidigini aýtdy.
Owganystanyň baş ýerine ýetiriji ofiseri Abdulla Abdulla bu partlamalaryň janyndan geçen bombaçylaryň işidigini aýtdy.

Kabulda 3-nji iýunda, bir gün ozal protestçiler bilen polisiýanyň çaknyşygynda ölen bäş pidanyň biriniň, owgan senatorynyň oglunyň jaýlanýan ýeriniň golaýynda bolan üç partlamada birnäçe adam öldi, 100-den gowrak adam ýaralandy diýip, resmiler aýtdylar.

Bu partlamalar owgan paýtagtynda 31-nji maýda ýük maşynynyň partladylmagy netijesinde bolan adam zaýaçylygynyň dowamy boldy.

Owganystanyň Saglyk ministrliginiň sözçüsi Waheed Majroh Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna bu partlamalarda azyndan 7 adamyň öldürilendigini, 119 adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Owganystanyň baş ýerine ýetiriji ofiseri Abdulla Abdulla bu partlamalaryň janyndan geçen bombaçylaryň işidigini aýtdy. Ol partlama bolan wagty adam jaýlamaga gatnaşýan birnäçe uly derejeli hökümet resmisiniň biridi we bu hadysadan sag-aman gutuldy.

XS
SM
MD
LG