Türkmen parlamentiniň deputatlary Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň ýigrimi birinji maslahatynda Türkmenistanyň “Bosgunlar hakyndaky” kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar we biragyzdan kabul etdiler.
Döwlet eýeçiligindäki TDH habar gullugynyň maglumatyna görä, parlament agzalary mejlisde Türkmenistanyň “dünýä bileleşiginiň tagallalaryna ägirt uly goşant goşýandygyny we bosgunlara kömek bermek, olaryň hukugyny goramak boýunça maksatnamalaýyn işleri we anyk çäreleri durmuşa geçirýändigini nygtapdyrlar”.
Şeýle-de neşirTürkmenistanyň käbir sebäplere we ýagdaýlara görä dogduk ýurtlaryny taşlamaga mejbur bolan müňlerçe adamyň ikinji watanyna öwrülendigini belleýär.
Türkmenistanda raýatlyk alan bosgunlaryň sanlary aýdylsa-da, soňky onýyllykda käbir sebäplere we ýagdaýlara görä dogduk ýurtlaryny taşlamaga mejbur bolan türkmenistanlylaryň sany aýdylmaýar.
Metbugat habarlaryna görä, soňky ýyllarda BMG-nyň Bosgunlar edarasyna bosgunlyk sorap ýüz tutan türkmenistanlylaryň sany 15 müňden geçdi, Türkiýede bikanun ýaşaýan we işsizlik hem beýleki sebäpler zerarly yzyna gelmek islemeýän türkmenistanlylaryň bolsa onlarça müňdigi, ýurtdan gitmek isleýänleriň bolsa köpelmese, azalmaýandygy aýdylýar.
Resmi Aşgabat ýa türkmen parlamentiniň deputatlary bu hili habarlary ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.