Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa BMG-nyň sanksiýalaryny 'ret edýär', ýadro programmasyny 'togtatmaýar'


demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un raketa synagy mahalynda, 30-njy maý, 2017.

Demirgazyk Koreýa özüniň BMG-nyň sanksiýalaryny “duşmançylykly hereket” hökmünde “doly ret edýändigini” hem-de öz ýadro ýaraglary programmasyny dowam etdirjekdigini aýdýar.

Daşary işler ministrliginiň sözçüsi bu beýanaty 4-nji iýunda, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi Demirgazyk Koreýanyň resmilerine we kärhanalaryna garşy nyşanalaýyn täze sanksiýalary girizmek barada karar kabul edeninden soň, resmi KCNA habar gullugy arkaly etdi.

Rezolýişusiýa teksti Demirgazyk Koreýanyň 14 resmisine syýahat gadaganlygyny we emläk doňdurmaklygy girizýär.

Gadanlyga düşýänleriň arasynda Phenýanyň daşary ýurtlardaky içalyçylyk operasiýalaryna jogap berýän diýip bilinýänCho Il U hem bar.

Dört edara, şol sanda Demirgazyk Koreýanyň milli Koryo Banky hem global emläk doňdurmasynyň täsirine düşýär.

XS
SM
MD
LG