Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Londonyň polisiýasy hüjümiň derňewleriniň dowamynda has köp adamy tussag edendigini aýtdy


Britaniýanyň polisiýasy
Britaniýanyň polisiýasy

Britaniýanyň polisiýasy Londonyň merkezinde bolan we ýedi adamyň ölümine sebäp bolan hüjümi derňemek boýunça çäreleriň dowamynda täze reýdleri geçirendigini we sany mälim edilmedik adamlary tussag edendigini habar berdi.

“Ençeme adam tussag edildi” diýip, polisiýa Londonda 5-nji iýunda irki sagatlarda geçiren reýdleriniň yzýany mälim etdi.

Londonyň polisiýasynyň müdiri Kressida Dik polisiýanyň “uly möçberde sud materiallaryny” toplandygyny BBC telewideniýesine aýtdy.

Hüjümçileriň 3-nji iýunda London köprüsiniň golaýynda edilen hüjüm zerarly onlarça adam ýaralandy, olardan 21 adam agyr ýagdaýda. Hüjümçiler polisiýa tarapyndan atylyp öldürildi.

“Yslam döwleti” (YD) atly ekstremist topary hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

4-nji iýunda polisiýa geçiren reýdlerinde 11 adamy tussag edendigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG