Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz oppozisiýasynyň lideri Tekebaýew sud edilýär


Gyrgyzystanyň “Ata-Meken” oppozision partiýasynyň lideri Omurbek Tekebaýew, Bişkek, 5-nji iýun, 2017.

Gyrgyzystanyň “Ata-Meken” oppozision partiýasynyň lideri Omurbek Tekebaýew korrupsiýa bilen bagly aýyplamalaryň esasynda suda çekildi.

Bişkegiň Birinji maý etrabynyň sudy Tekebaýewiň we Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligiň öňki ýolbaşçysy Duişonkul Hotonowyň işine 5-nji iýunda seredip başlady. Olaryň ikisi-de 2010-njy ýylda Tekebaýewiň premýer-ministr bolan döwründe orsýetli biznesmenden 1 million dollar möçberde para almak aýyplamasynyň esasynda sud edilýärler.

Tekebaýew we Hotonow özlerine ýöňkelýän aýyplamalaryň galpdygyny we syýasy matlaplydygyny aýdýarlar.

“Ata-Meken” partiýasy öz liderine garşy sud işini gozgamak arkaly şu ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öňünde başga pikirliligi çäklendirmek we Tekebaýewiň prezidentlige dalaş etmegine päsgel bermek isleýändigini aýdýar.

58 ýaşly Tekebaýew fewral aýynda tussag edildi. 5-nji martda “Ata-Meken” partiýasy ony prezidentlik saýlawlary üçin dalaşgär hökmünde yglan etdi.

XS
SM
MD
LG