Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan: Aklawçy tussag zurnalistiň gynalandygyny, dişiniň sogrulandygyny aýdýar


Azerbaýjanly žurnalist Nijat Amiraslanow

Azerbaýjanly žurnalist Nijat Amiraslanowyň aklawçysy öz müşderisiniň tussaghanada gynamalara sezewar edilendigine we onuň ähli dişiniň zor bilen sogrulandygyna ynanýandygyny aýtdy.

Kazah etrabyndan garaşsyz žurnalist Amiraslanow 22-nji maýda tussag edildi we polisiýa garşylyk görkezmekde aýyplanyp, sud tarapyndan 30 günlük türme tussaglygyna höküm edildi.

3-nji iýunda žurnalistiň suduň kararyndan şikaýaty diňlendi. Emma ol şikaýat etmegiň ýerine günälidigini aýtdy.

Onuň aklawçysy Elçin Sadikow diňlenişigiň yzýany eden çykyşynda, Amiraslanowy suduň jaýynda görende onuň agzynda diş galmandygyny, emma bir gün öň onuň ähli dişleriniň ýerinde bolup, näsag görünmändigini aýtdy.

“Biz ondan dişleriňe näme boldy diýip soranymyzda, ol ýöne gaçdy diýip, jogap berdi” diýip, Sadikow aýtdy.

Aklawçy bu ýagdaýy dessine derňemäge çagyrýar.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goraýjy komitet (CPJ) 24-nji maýda Azerbaýjanyň häkimiýetlerine çagyryş edip, Amiraslanowyň şikaýatyny ret etmezlige ündedi we “tankytçy žurnalistleri gysmagy we tussag etmegi bes etmäge” çagyrdy.

2003-nji ýylda ýogalan kakasynyň ýerine döwlet başyna geçip, 10 million ilatly ýurdy dolandyryp gelýän Ylham Aliýew tankyda çydamsyzlyk görkezýär.

XS
SM
MD
LG