Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täsirli özbek resmisi Azimowyň wise-premýer wezipesinden çetleşdirilendigi habar berilýär


Rustam Azimow
Rustam Azimow

Özbegistanyň media maglumatlarynda ýurduň täsirli resmisi, şeýle-de öňki prezident Yslam Kerimowyň syýasy mirasdüşeri hasaplanan Rustam Azimowyň premýer-ministriň orunbasary wezipesinden çetleşdirilendigi habar berilýär.

6-njy iýunda çap bolan maglumatlarda Azimowyň “başga wezipä geçmegi” sebäpli onuň ýerine maliýe ministriň orunbasary Jamşid Kuçkarowyň bellenendigi aýdyldy. Emma Azimowyň täze wezipesi barada maglumat berilmedi.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Yslam Kerimowyň ýogalandygy resmi derejede yglan edilende 58 ýaşly Azimow Özbegistanyň prezidenti wezipesine geçmegi çak edilen esasy üç dalaşgäriň biridi.

Emma prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji wezipesine uzak wagtlap ýurduň hökümetine baştutanlyk eden Şawkat Mirziýaýew bellenipdi. Ol 4-nji dekabrda geçirilen saýlawlarda prezident saýlanypdy.

Azimow ençeme ýylyň dowamynda maliýe ministri we premýer ministriň makroykdysady ösüş we daşary ýurt maýa goýumlary boýunça orunbasary bolupdy.

XS
SM
MD
LG