Sepleriň elýeterliligi

Bütindünýä banky 2017-2018-nji ýyllarda Merkezi Aziýada ykdysady ösüşe garaşýar


Dünýä bankynyň belgisi

Bütindünýä banky 2017-2018-nji ýyllarda Merkezi Aziýada ykdysady ösüşe garaşýar.

2017-nji ýylyň birinji ýarymynda Ýewropa we Merkezi Aziýa regionlarynda ösüş dowam etdi we esasan çyg malyň eksportynyň we haryt importynyň hasabyna boldy. Region nebitiň bahasynyň ýokarlanmagyndan, global maliýe şertleriniň durnuklanmagyndan, ýewro giňişlikdäki ösüşden we regionyň uly ýurtlarynyň goldaw syýasatyndan bähbit tapdy” diýlip, Bütindünýä bankynyň “Global ykdysady perspektiwalary” atly hasabatynda bellenýär.

Hasabata görä, Türkmenistanyň 2017-nji ýylda 6.3 we 6.5% derejesinde ösüş görkezjegi çak edilýär.

Bütindünýä bankynyň şu ýylyň başynda çap eden ýyllyk hasabatynda Türkmenistanyň garaşylýan ösüş derejesi 6.5% derejesinde kesgitlenipdi.

XS
SM
MD
LG