Sepleriň elýeterliligi

Aziada-2017: Biletleriň bahasy mälim boldy


Aziada-2017 sport ýaryşynyň resmi belgisi

Aşgabatda sentýabrda geçiriljek Aziada-2017 sport ýaryşynyň biletleriniň bahasy mälim edildi.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramalaşdyrýan ýerine ýetiriji komitetiň maglumatyna görä, 160 sany sport bäsdeşligi üçin 600 müň çemesi bilet satylar. Biletleriň bahasy ulular üçin 7-10 manat aralygynda (resmi kursdan 2-3 amerikan dollary möçberinde) 14 ýaşyna ýetmedik çagalar üçin mugt.

17-nji we 27-nji sentýabr aralygynda geçiriljek oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabarasyna biletleriň bahasy 50-500 manat aralygynda görkezilýär.

Aziada-2017 oýunlary Aşgabadyň merkezinde gurlan bahasy 5 milliard dollarlyk Olimpiýa toplumynda geçiriler.

XS
SM
MD
LG