Sepleriň elýeterliligi

Tähran: Parlamentde, Homeininiň guburynda ok atyşyk boldy


Parlamentiň golaýynda, Tähran

Eýranyň mediasy Tähranda ok atyşyk bilen bagly iki ýagdaýyň ýüze çykandygyny habar berdi. Ok atyşyklaryň biri Eýranyň parlamentinde, beýlekisi Aýatolla Ruholla Homeininiň guburynyň golaýynda.

Tähranyň günorta böleginde Homeininiň mawzoleýinde ot açan ýaraglylar ençeme adamy ýaralady diýip, ýarym-resmi Fars täzelikler agentligi habar berdi.

Döwlet telewideniýesi dört hüjümçiniň, şol sanda bombaçynyň hüjüme gatnaşandygy habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde-de parlament binasynyň içinde azyndan bir ot açdy we sakçyny ýaralady, diýip media maglumatlarynda habar berildi.

Tähranly kanun çykaryjy Elyas Hazrati eli “kalaşnikow” awtomatly üç hüjümçiniň bolandygyny aýtdy diýlip, media maglumatlarynda habar berildi.

Käbir maglumatlarda jemi üç adamyň atylyp öldürlendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG