Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almatynyň sudy gaçgak oligarh Ablýazowy 20 ýyl türmä gaýybana höküm etdi


Muhtar Ablýazow
Muhtar Ablýazow

Gazagystanyň iň uly şäheri Almatynyň sudy gaçgak oligarh we oppozision syýasatçy Muhtar Ablýazowy 20 ýyl türme tussaglygyna gaýybana höküm etdi.

Gozgalan syýasy işiň netijesinde 7-nji iýunda geçirilen sud diňlenişiginde Ablýazow jenaýat toparyny gurnamakda we oňa ýolbaşçylyk etmekde, öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda, hilegärlikde we maliýe serişdeleri hyýanatçylykly ulanmakda günäli tapyldy we şol günüň özünde tussaglyga höküm edildi.

Ablýazow bilen bilelikde sud edilen az tanalýan üç adamdan biri 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi we beýleki ikisine şertli tussaglyk hakynda karar çykaryldy.

Ablýazow 2009-njy ýyldan bäri meýletin sürgünlikde Ýewropada ýaşaýar.

Derňewçiler Ablýazowyň we onuň ýaranlarynyň Gazagystanyň BTA bankyna ýolbaşçylyk eden döwründe 5 milliard dollar möçberinde pul ogurlandygyny aýdýarlar.

Orsýetde hem gözlenýän Ablýazow 2013-nji ýylda Fransiýada tussag edilipdi. Ablýazow Fransiýanyň Ýokary sudy ony Orsýete ekstradisiýa etmek hakyndaky karary ret edensoň türmeden boşadylypdy.

XS
SM
MD
LG