Sepleriň elýeterliligi

BMG Baş sekretary Antoniu Guterriş Merkezi Aziýa sapara başlaýar


BMG Baş sekretary Antoniu Guterriş

BMG Baş sekretary Antoniu Guterriş Merkezi Aziýa sapara başlaýar.

Media maglumatlaryna görä, 8-nji iýunda Guterriş Gazagystana baryp, günüň ertesi Astanada geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatynda çykyş eder we prezident Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşar.

BMG Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa regionyna edýän saparynyň gün tertibine görä, ol 10-njy iýunda Özbegistana, 11-nji iýunda Gyrgyzystana we 12-nji iýunda Täjigistana barar.

Antoniu Guterrişiň 13-nji iýunda Türkmenistana baryp, Aşgabatda geçiriljek durnukly ösüş boýunça konferensiýa gatnaşmagyna we Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy göreş boýunça strategiýany durmuşa geçirmek hakynda ýokary derejeli dialoga gatnaşmagyna garaşylýar, diýlip media serişdeleri habar berýärler.

Antoniu Guterriş BMG-niň Baş sekretary wezipesinde Merkezi Aziýa ilkinji gezek sapar edýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň inisiatiwasy bilen 2007-nji ýylda açylan BMG-niň Prewentiw diplomatiýa boýunça regional merkezi Aşgabatda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG