Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Kiýewdäki ilçihanasynda partlama boldy


ABŞ-nyň ilçihanasy, Kiýew

Ukrainanyň häkimiýetleri ABŞ-nyň Kiýewiň merkezinde ýerleşýän ilçihanasynda bolan partlamada hiç kimiň heläk bolmandygyny aýdýarlar.

Polisiýanyň 8-nji iýunda aýtmagyna görä, Şewçenkowskiý etrabynda ýarygije bolan partlama ilçihananyň binasyna zarba urupdyr.

“Derňewçiler näbelli adamyň partlaýjy serişdäni diplomatik missiýanyň ýerleşýän ýerine atandygyny anykladylar” diýlip, beýannamada aýdylýar.

ABŞ-nyň ilçihanasyndan dessine kommentariý bolmady.

XS
SM
MD
LG