Sepleriň elýeterliligi

Türkmen telekeçileri hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Täjigistana sapar eder


Täjigistanyň we Türkmenistanyň prezidentleri

Türkmen kompaniýalarynyň delegasiýasy ykdysady hyzmatdaşlygy dikeltmek üçin 12-nji iýunda täjik paýtagty Duşenbä sapar eder diýip, Täjiigistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Ministrligiň 8-nji iýunda ýaýradan maglumatynda türkmen delegasiýasynyň düzümine Türkmenistanyň howaýollary kompaniýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň we syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleriniň girýändigi bellenilýär.

Täjik Söwda we senagat palatasynyň berýän maglumatyna görä, bu saparyň dowamynda maýadarlary çekmek we partnýorlary tapmak arkaly, Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda ykdysady we söwda ugurlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksat edinilýär.

Türkmen delegasiýasynyň düzüminde ýurduň bank, azyk, oba-hojalyk, gurluşyk, energetika, söwda we beýleki pudaklarynda işleýän telekeçileriň 70-den gowragy geler diýip, Täjigistanyň Söwda we senagat palatasynyň maglumatynda nygtalýar.

Türkmen delegasiýasynyň Täjigistana etjek sapary barada henize çenli türkmen mediasynda haýsydyr bir maglumata duş gelinmedi.

XS
SM
MD
LG