Sepleriň elýeterliligi

Arap ýurtlary Katar bilen ilteşikli ‘terrorçy’ diýilýänleriň sanawyny çap etdi


Kataryň daşary işler ministri Muhammad bin Abdulrahman Al-Thani

Ekstremizme goldaw bermekde aýyplap, şu hepde Katar bilen gatnaşyklaryny kesen dört arap ýurdy Katar bilen “terrorist” hökmünde ilteşigi bardygy aýdylýan onlarça adamyň sanawyny çap etdi.

9-njy iýunda Saud Arabystany, Müsür, Bahreýn we Birleşen Arap Emirlikleri tarapyndan kesgitlenen bu sanaw Pars aýlagy sebitindäki durnuklylyga howp abandyrýan dawany güýçlendirdi we Katar tarapyndan dessine ret edildi.

Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky topar 59 adamy, şol sanda Müsüriň “Musulman doganlygy” partiýasynyň lideri Yusuf al-Karadawini we Katar tarapyndan maliýeleşdirilýän 12 sany haýyr-sahawat guramasyny “terrorist” diýip häsiýetlendirdi.

“Hiç kim bizi ýykmaz. Biz daşary syýasatymyzyň garaşsyzlygyndan el çekmäge taýýar däl we hiç haçan taýýar bolmarys” diýip, Kataryň şeýhy Muhammad bin Abdulrahman Al-Thani aýtdy.

5-nji iýunda arap ýurtlarynyň dördüsi Katar bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi we ony yslamçy toparlary goldamakda aýyplady, şeýle-de Eýran bilen ýakyn gatnaşygyny ýazgardy.

XS
SM
MD
LG