Sepleriň elýeterliligi

Kongres derňewçileri Tramp-Komiý gepleşikleriniň ýazgysyny gözleýärler


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Federal Derňew býorosynyň ozalky direktory Jeýms Komiý

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Federal Derňew býorosynyň ozalky direktory Jeýms Kominiň bir-birini edilen gürrüňler barada ýalan sözlemekde aýyplamagy netijesinde, kongres komitetleri iki tarapy hem öz diýýän zatlaryny tassyklaýan subutnama bermäge çagyrdylar.

Wekiller öýüniň Aňtaw maglumatlary komiteti Ak tamdan, eger bar bolsa, Trampyň fewral aýynda nahar başynda Komiý bilen eden gürrüňiniň ýazgysyny bermegini sorady.

Kominiň sözlerine görä, Tramp şonda ondan Federal derňew býorosynyň ozalky kömekçisi Maýkl Fliniň Russiýa bilen gatnşygy babatdaky derňewini bes etmegi sorapdyr.

Tramp geçen aý twitterde ol gepleşigiň ýazgy edilendigini ýaňzytdy, ýöne şondan bäri bu meselede gaçalak edýär.

XS
SM
MD
LG