Owgan howpsuzlyk güýçleri demirgazykdaky Gunduz welaýatynyň esasy etrabyny, talyban jeňçileri bilen bir hepde gazaply söweşden soň yzyna aldy diýip, ýerli resmiler aýtdylar.
Gunduzyň Ymam Saheb etraby jeňçilerden arassalandy diýip, polisiýanyň başlygy Abdul Hamid Hamidi 10-njy iýunda aýtdy.
Hamidi Gunduzda “Talybanyň” hatarynda daşary ýurtly söweşijileriň - pakistanlylaryň, çeçenleriň, täjikleriň we özbekleriň hem söweşýändigini gürrüň berdi.
Şeýle-de ol howpsuzlyk reýdleriniň dowam edýändigini sözüne goşdy. Ymam Sahebdäki ýerli ýaşaýjylar söweş mahalynda öz jaýlaryna düýpli zyýan ýetirlendigini aýdýarlar we hökümetiň özlerine täze jaý gurup bermegini talap edýärler. .
Milli geyimleri geydireniňde name, eger zenanyň kalbynyň özi päk bolmasa. Bozuk hereketleri milli egin-eşiklerde edip bolmazmy eýsem? Zorluk ulanmak arkaly häkimiýet milli egin-eşiklere söýgi dalde beter yigrenç oýarýandyklaryndan habarlary yok