Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen migrantlarynyň Türkiýede kanuny duruma geçmegini näme bökdeýär?


Türkiýe
Türkiýe

Türkiýe türkmen migrantlarynyň san taýdan iň köp ýurtlarynyň başyny çekýär. Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň maglumatyna görä, diňe 2015-nji ýyldan bäri hasaba alynan türkmenistanly bikanun hem köne pasportly migrantlaryň sanynyň 200 müň töweregindedigi çak edilýär.

Türkiýede migrantlaryň kanuny ýagdaýa geçmegi üçin döredilen deportsyz kanuny ýeňillikler dowam edýärkä, golaýda köne pasporty bolanlara hem 1 ýyl möhletli ynsanperwer ýaşaýyş rugsadynyň berilmeginiň öňi açyldy.

Ýöne şeýle kanuny ýeňilliklere garamazdan, Türkiýedäki bikanun türkmen migrantlarynyň kanuny ýagdaýa geçmeginiň garaşylyşyndan haýal bolýandygy aýdylýar. Eýsem, Türkiýedäki bikanun migrantlaryň kanuny ýagdaýa geçmeginde nähili bökdençlikler bar?

Azatlyk Radiosynyň "Dünýä türkmenleri" gepleşigine gatnaşýan bikanun migrantlar Öwez bilen golaýda özüne we çagalaryna ýaşaýyş rugsadyny alan Maýa bu ugurdaky tejribelerini diňleýjiler bilen paýlaşýarlar.

Gepleşigi diňläp, aşakdaky foruma hem öz başdan geçirenleriňizi ýa-da piker-garaýyşlaryňyzy teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Türkmen migrantlarynyň Türkiýede kanuny duruma geçmegini näme bökdeýär?
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG