Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanyň energiýa ministri Türkiýede ýürek keselinden ýogaldy


Azerbaýjan -- Ozalky prezident Haýdar Aliýew, hazirki prezident Ylham Aliýew we Natik Aliýew

Azerbaýjanyň energiýa ministri Natik Aliýew türk hassahanasynda ýürek keselinden aradan çykdy diýip, azeri resmilerine salgylanyp çap edlen habarlarda aýdylýar.

Metbugat habarlarynda Azerbaýjanyň Stambuldaky konsullygynyň Aliýew 9-njy iýunda, ýürek agyrysy sebäpli hassahana ýerleşdirilenden birnäçe gün soň ýogaldy diýendigi aýdylýar.

69 ýaşyndaky Aliýew energiýa pudagynyň weterany bolup, 1993-2005-nji ýyllarda ozalky sowet respublikasynyň döwlet eýeçiligindäki SOCAR energiýa kompaniýasynyň prezidenti we direktorlar geňeşiniň başlygy bolup işledi, 2005-2013-nji ýyllarda senagat we energiýa ministri bolup işledi, soň energiýa ministri boldy.

XS
SM
MD
LG