Sepleriň elýeterliligi

Kosowalylar irki parlament saýlawynda ses berýärler


Premýer-ministr Isa Mustafanyň hölümeti parlamentdäki ynam bildirmezlik ses berişliginde utuldy.

Kosowalylar irki parlament saýlawlarynda ses berýärler. Bu saýlawdan soň aýlap dowam eden syýasy durnuksyzlygyň soňlanyp, ýurduň ýewropa integrasiýasyna tarap ýoluny arçajak we iş orunlaryny köpeltjek has netijeli hökümetiň düzülmegine garaşylýar.

11-nji iýundaky saýlawlar Kosowa 2008-nji ýylda Serbiýadan garaşsyzlygyny jar edeli bäri geçirilýän üçünji ses berişlik bolup, premýer-ministr Isa Mustafanyň hölümeti parlamentdäki ynam bildirmezlik ses berişliginde utulandan soň, bolmaly wagtyndan bir ýyl çemesi ir geçirilýär.

Kosowanyň 1.8 million ilatynyň köpüsi ýurtda işsizligiň şeýle erjel ýokarlanmagynda, ýagny işçi güýjüniň üçden birine golaý bolmagynda syýasatçylary günäkärleýärler.

Ýogsa, Ýewropanyň iň bir garyp ýurtlarynyň biri bolan Kosowada durnukly ykdysady ýaýbaňlanmanyň ýylda 4 prosent çemesi bolandygy aýdylýar.

Täze hökümetiň ileri tutmaly meseleleriniň arasynda hususylaşdyrma has gowy kontrollyk edilmek, uruş döwrüniň syýasy we jemgyýetçilik liderlerini gyraklatmak prosesine başlamak üçin işleýän uruş jenaýatlary suduny we prokuratura edarasyny döretmek hem bar.

XS
SM
MD
LG