Sepleriň elýeterliligi

Owgan esgeri ABŞ-nyň üç esgerini atyp öldürdi


Owgan esgeri

ABŞ resmileri 10-njy iýunda Owganystanda üç amerikan esgeriniň öldürilendigini tassyk etdiler.

Owgan resmileri amerikan esgerleriniň gündogar Owganystanda, owgan goşunynyň bir esgeri tarapyndan atylyp öldürilendigini aýtdylar.

Nangarhar welaýtynyň gubernatorynyň sözçüsi Attahullah Khogýani welaýatyň Açin etrabynda bolan hüjümde ABŞ-nyň ýene iki esgeriniň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Ol owgan esgeriniň ýaragyny owgan güýçleriniň hatarynda “Yslam döwleti” toparynyň jeňçilerine garşy söweşýän amerikan esgerlerine tarap öwrendigini aýtdy.

Khogýani owgan esgeriniň bu hüjümden soň atylyp öldürilendigini hem sözüne goşdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy we ol esgeriň owgan goşunynyň hatarlaryna sümlüp girendigini aýtdy.

Günbatar resmileri bu hili hüjümleriň köplenç pitneçilik esasynda däl-de, eýsem şahsy kine ýa medeni düşünişmezlik esasynda döreýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG