Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kaddafiniň ogly Saif türmeden boşadyldy


Saif al-Yslam Kaddafi, Zintan, 25-nji maý, 2014

Liwiýanyň merhum diktatory Muammar Kaddafiniň ikinji ogly Saif al-Yslam Kaddafi bäş ýyllyk tussaglykdan soň türmeden boşdyldy.

Ýurduň günbataryndaky Zintan şäheriniň Abu Bakr al-Siddik batalýony, ýerli milisiýa topary onuň 9-njy iýunda azat edilendigini aýtdy, emma goşmaça detallary açmady. Aklawçy Khaled al-Zaidi öz müşderisiniň başga bir şähere gidendigini, emma bu şäheriň adyny howpsuzlyk aladalary sebäpli agzap bilmejegini aýtdy diýip, “Roýetrs” habar berdi.

Aýdylmagyna görä, ol günbatardaky Tobruk şäherinde ýerleşýän parlamentiň yglan eden günä geçişiniň çäginde azat edilipdir. Bu parlament demirgazyk Afrika ýurdunyň üç sany bäsdeş adminstrasiýasynyň bir bölegi bolup durýar.

Saif al-Yslam Kaddafi 2015-nji ýylda paýtagt Tripolidäki sud tarapyndan gaýybana ölüme höküm edildi.

44 ýaşyndaky Saif 20011-nji ýylyň noýabrynda, Liwiýany 40 ýyldan gowrak dolandyran kakasy häkimiýetden çetleşdirilip, öldürileninden soň tutuldy.

Şeýle-de ol, kakasynyň 2011-nji ýyldaky gozgalaňy basyp ýatyrmaga synanan döwründe eden jenaýatlary üçin, Haagadaky halkara sud tarapyndan gözlenilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG