Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalist Politkowskaýany öldürmekde günälenen çeçenistanly türmede ýogaldy


Lom-Ali Gaitukaýew, Moskwanyň sudy, 9-njy iýun, 2014
Lom-Ali Gaitukaýew, Moskwanyň sudy, 9-njy iýun, 2014

2006-njy ýylda orsýetli derňeýji žurnalist Anna Politkowskaýanyň öldürilmegini gurnamakda günälenip, ömürlik türmä höküm edilen çeçenistanlynyň garyndaşlary onuň türmede ýogalandygyny habar berdiler.

Garyndaşlarynyň 13-nji iýunda “Kawkazskiý uzel” websaýtyna aýtmagyna görä, Lom-Ali Gaitukaýew Orsýetiň Wologda regionynda berk düzgünli ýörite koloniýada saklanýan ýerinde urlup-ýenjilmelerden ölen bolmagy ähtimal.

Gaitukaýewiň ýegeni Temirlan Gaitukaýew öz daýysyny görmäge baranda her gezek onuň ýüzünde urgy yzlarynyň bolandygyny aýtdy.

Gaitukaýewiň aklawçysy Ýelena Harionowskaýa öz müşderisiniň urlup-ýenjilmeginden şikaýat edip, 2015-nji ýylda türmä garşy iş gozgamaga synanyşandygyny mälim etdi.

Emma ol häkimiýetleriň ýeterlik subutnamalaryň ýokdugyny aýdyp, şikaýaty kabul etmekden ýüz öwürendigini aýtdy.

2015-nji ýylyň noýabr aýynda Gaitukaýew bagryndaky agyr kemçilikler sebäpli türmäniň keselhanasyna düşüpdi.

Harionowskaýa 13-nji iýunda Gaitukaýewiň jesediniň garyndaşlaryna berlendigini aýtdy.

2014-nji ýylda çeçenistanly Gaitukaýew we Rustam Mahmudow 2006-njy ýylda Politkowskaýany atyp öldürmekde günälenip ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi. Olar bilen bilelikde sud edilen ýene üç adam öňki polisiýa ofiseri Sergeý Hadžikurbanow we onuň doganlary Ibragim we Džabrail Mahmudow 12 we 20 aralygyndaky möhletde türmä höküm edildiler.

XS
SM
MD
LG