Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň Baş sekretary öňünden yglan edilmedik sapar bilen Kabula bardy


BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Owganystanyň paýtagtyna öňünden yglan edilmedik sapar etdi.

“Hökümet we adamlar bilen gepleşmek üçin ýaňy Kabulda gondum” diýip, Guterriş 14-nji iýunda Twitterde ýazdy we BMG “zorluk we horluk döwründe Owganystan bilen bile durýar” diýip belledi.

Guterrişiň sapary Owganystanyň paýtagtynda 150 adamyň ölümine getiren heläkçilikli partlamanyň yzýanyna gabat geldi. 31-nji maýda bolan partlama 2001-nji ýylda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara koalisiýasynyň goşunlary salynaly bäri Kabulda bolan iň gandöküşikli hüjümdir.

BMG-niň Baş sekretary Kabula Merkezi Aziýa ýurtlaryna eden saparyndan soň bardy. 13-nji iýunda Guterriş Türkmenistanda bolupdy.

XS
SM
MD
LG