Sepleriň elýeterliligi

Döwlet Dumasy Moswkada “hruşýowka” jaýlary ýumurmak barada kanuny makullady


Oppozision “Ýabloko” partiýasynyň ýolbaşçysy Sergeý Mitrohin kanuna garşy çykan protestçileriň arasynda tussag edildi, Moskwa, 14-nji iýun, 2017

Orsýetiň Döwlet Dumasy Moswkada sowet döwründe gurlan bäş gatly ýaşaýyş jaýlaryň müňlerçesini ýumurmak barada gapma-garşylykly kanunyň jemleýji görnüşini makullady.

450 orunlyk parlamentiň kanun çykaryjylary 14-nji iýunda kabul edilen kanuny 399 ses bilen goldadylar we 2 ses garşy çykdy. Ses berişligiň geçýän wagtynda polisiýa Dumanyň binasynyň öňünde protestçileri tussag etdi.

Oppozision “Ýabloko” partiýasynyň ýolbaşçysy Sergeý Mitrohin kanuna garşy geçirilen protestleriň soňkusynda tussag edilenleriň arasyna düşdi.

Moskwanyň ençeme ýaşaýjysynyň emläk hukugyny we şahsy azatlyklaryny depeleýändigini aýdyp, kanuna garşylyk bildirmegine garamazdan, onuň parlamentiniň ýokarky öýünde makullanyp, prezident Putin tarapyndan gol çekilmegine garaşylýar.

Kanuna görä, 1950-1960-njy ýyllarda gurlan 4500 çemesi ýaşaýyş jaýyň ýumrulmagy we olaryň ýerine köp gatly täze jaýlaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Bäş gatly bu jaýlaryň köpüsi il içinde “Hruşýowka” diýlip atlandyrylýan, öňki sowet lideri Nikita Hruşýow döwründe wagtlaýyn diýlip, gurlan jaýlar.

Moskwanyň häkimiýetleri bu jaýlaryň könelişendigini aýdýarlar, emma ýaşaýjylaryň ençemesi we raýat aktiwistleri häkimiýetleriň planlaryny täze köp gatly gymmatbaha jaýlary gurup, peýda görmek islegi bilen baglanyşdyrýarlar.

Dumanyň öňünde protestler 6-njy we 9-njy iýunda hem geçirilipdi. 14-nji maýda geçirilen proteste müňlerçe adam çykdy.

XS
SM
MD
LG