Sepleriň elýeterliligi

Londonda bolan güýçli ýangyn zerarly azyndan alty adam wepat boldy


Ot söndürijiler Londonyň günbatarynda ýerleşýän Grenfell binasynda 14-nji iýunda irden başlanan ýangyna garşy göreşmegini birnäçe sagatlap dowam etdirdiler, 14-nji iýun, 2017.

Londonda ýaşaýyş jaýda bolan güýçli ýangyn zerarly azyndan alty adam wepat boldy diýip, polisiýa habar berdi we pidalaryň sanynyň köpelmeginiň ähtimaldygyny belledi.

Ot söndürijiler Londonyň günbatarynda ýerleşýän Grenfell binasynda 14-nji iýunda irden başlanan ýangyna garşy göreşmegini birnäçe sagatlap dowam etdirdiler.

“Men şu pursatda alty adamyň heläk bolandygyny tassyklap biljek, emma birnäçe güne çekjek doly dikeldiş işleriň dowamynda bu san üýtgejege meňzeýär” diýip, polisiýanyň ýolbaşçysy Stuart Kundy aýtdy.

Londonyň tiz kömek gullugy mundan öň 50 çemesi adamyň keselhanada bejergi alandygyny habar berdi.

Ot söndürijiler “köp sanly” adamy halas edendigini aýtdylar, emma şäheriň häkimi Sadik Han “köp” ýaşaýjynyň entek hasaba alynman galýandygyny mälim etdi.

Şaýatlar köp gatly ýaşaýyş jaýyň içinde gabawda galan adamlaryň öz jaýlarynyň aýnalarynda görünendigini aýtdylar. Käbirler binanyň ýokarky gatlarynda şem şöhlelerini görendiklerini habar berdiler.

Ýangynyň sebäpleri entek mälim bolmady.

XS
SM
MD
LG