Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowo 9 adamy terrorçylykly dildüwüşik üçin suda çekdi


Kosowonyň futbol komandasynyň gatnaşmagyndaky futbol ýaryşy
Kosowonyň futbol komandasynyň gatnaşmagyndaky futbol ýaryşy

Kosowo 15-nji iýunda 9 adamy Kosowoda we Dünýä futbol ýaryşynda Ysraýylyň we Albaniýanyň arasynda geçen ýyl bolan oýunlaryň dowamynda terrorçylykly hüjümleri amala aşyrmak üçin dildüwüşik gurnamak aýyplamasynyň esasynda sud edýär.

Bu 9 adam, noýabr aýyndaky oýunlaryň öňýanynda Kosowoda we goňşy Albaniýada hem Makedoniýada geçirilen tutha-tutluklaryň dowamynda saklanan 19 adamyň arasynda tussag edilipdi. Şol ýaryşlar howpsuzlyk sebäplerden Albaniýanyň paýtagty Tirananyň golaýyndaky Şkodra şäherine geçirilipdi.

Tussag edilenler “Noýabr aýynda ýaryşa gatnaşmak üçin Albaniýa baran ysraýylly futbolçylara we janköýerlere garşy terrorçylykly hüjümleri amala aşyrmagy” planlaşdyrmakda aýyplandylar.

Olaryň “Balkan döwletlerinde esasy syýasy, konstitusional, ykdysady we sosial strukturalary durnuksyzlandyrmak we ýumurmak we soňra öz Yslam döwletini gurmak” maksadyny öz öňünde goýandygy aýdyldy.

Prokurorlar şübhe astyna alnan iki adamyň Kosowoda ýerli we halkara resmilerine garşy terror hüjümlerini amala aşyrmak üçin dildüwüşik gurnamak aýyplamasynyň esasynda sud edilendigini we ýene biriniň söweşijileriň düzüminde Ýakyn Gündogarda söweşmek bilen baglylykda suda çekilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG