Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogar Owganystan: YD-nyň Tora Borany eýeländigi habar berilýär


Tora Bora daglary, Owganystanyň Nangarhar welaýaty
Tora Bora daglary, Owganystanyň Nangarhar welaýaty

Owganystandan gowuşýan maglumatlarda ekstremist “Yslam döwleti” (YD) toparynyň ýurduň gündogaryndaky Tora Bora daglyk giňişligini eýeländigini we munuň öz wagtynda “Al-Kaýdanyň” esaslandyryjysy Osma bin Ladeniň gizlenen ýeri bolandygy aýdylýar.

Söweşijileriň Hilafat Radiosynyň 14-nji iýunda habar bermegine görä, YD topary “Talyban” bilen güýçli söweşleriň yzýany Nangarhar welaýatynda uly dag gowagyny we ýerzeminleri öz içine alýan ýerde öz baýdagyny dikipdir.

Ady agzalmadyk ýerli resmiler we ýaşulular Tora Boranyň we daş töwereginiň YD toparynyň gözegçiligine geçendigini tassykladylar. Olar ençeme günüň dowamynda bolan güýçli söweşleriň ýüzlerçe maşgalany öz öýlerini taşlap, gaçyp gitmäge mejbur edendigini habar berdi.

Muňa gramazdan, “Talybanyň” metbugat-wekili Zabihullah Mujahid söweşleriň henizem dowam edýändigini aýtdy.

2001-nji ýylda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara koalisiýasynyň Owganystana goşun salyp, “Talybany” häkimiýet başyndan çetleşdireninden soň Bin Ladeniň ýolbaşçylygyndaky “Al-Kaýdanyň” söweşjileri Tora Bora daglarynyň gowaklarynda gizlenipdi.

ABŞ-nyň Owganystana goşun girizmegine 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda “Al-Kaýdanyň” ABŞ-da terrorçylykly hüjümleri amala aşyrmagy sebäp bolupdy. Şol hüjümleriň netijesinde Nýu-Ýorkda Dünýä söwda merkeziniň iki binasy ýumruldy, Pentagonyň binasyna zeper ýetirildi we ýurtda 3000 çemesi adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG