Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus aktýory Alekseý Batalow 88 ýaşynda aradan çykdy


Alekseý Batalow
Alekseý Batalow

Orsýetli ady belli aktýor we sowet döwrüniň kino ýyldyzy Alekseý Batalow 88 ýaşynda aradan çykdy.

Batalowyň dostuna salgylanyp, habar berlişine görä, aktýor 15-nji iýunda Moskwanyň keselhanasynda ýogalypdyr. Onuň ölümine but süňküne zeper ýetmeginiň agyr netijeleri sebäp bolupdyr.

Batalow Sowet döwründe iň meşhur aktýorlaryň biridi.

Onuň iň meşhur rollarynyň biri 1957-nji ýylyň “Durnalar uçýar” atly filmine degişli. Bu kartina Kanny film festiwalynyň baýragyny altyn palma şahasyny alypdy.

1960-njy we 1970-nji ýyllarda, Batalow rus klassiki eserleriniň mazmunynyň esasynda düşürlen filmlerde oýnady.

Şeýle-de Sowet Soýuzynda örän meşhur bolan filmleriň ençemesinde, şol sanda Wladimir Menşowyň “Moskwa slezam ne werit” atly kartinasynda baş rollaryň birini ýerine ýetirdi .

XS
SM
MD
LG