Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Siriýadaky howa hüjüminde YD-nyň liderini öldüren bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýar


“Yslam döwleti” (YD) ekstremist toparyň lideri Abu Bakr al-Bagdadi

Orsýetiň Goranmak ministrligi “Yslam döwleti” (YD) ekstremist toparyň lideri Abu Bakr al-Bagdadiniň Orsýetiň Siriýada howadan amala aşyran hüjümleriniň netijesinde öldürilen bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

Orsýetiň täzelikler agentlikleri ministrlige salgylanyp, Bagdadiniň 28-nji maýda Rakkanyň günorta eteginde öldürlendigi hakyndaky maglumatyň birnäçe çeşmäni ulanmak arkaly barlanandygyny habar berdiler.

Şol howa hüjüminde 330 çemesi adamyň, şol sanda YD toparynyň baş wekilleriniň öldürilendigi habar berildi.

Hüjümler YD toparynyň agzalarynyň maslahatynyň geçen wagtynda amala aşyrylypdy. ABŞ-nyň goldamagyndaky Siriýanyň güýçleriniň basyş astyndaky Rakka YD toparynyň esasy galasy bolupdy.

“Yslam döwleti” topary Siriýanyň uly bölegini we Yragyň demirgazygyny 2014-nji ýylda basyp alypdy.

XS
SM
MD
LG