Sepleriň elýeterliligi

Owganystan Pakistandan güman edilýän üç hüjümçini sorandygyny aýdýar


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri, Kabul, 16-njy iýun, 2017.

Owganystanyň esasy aňtaw agentligi ýanwar aýynda welaýat häkimine garşy bombaly hüjümi amala aşyrmakda şübhelenýän üç adamy özüne tabşyrmagy Pakistandan resmi taýdan sorandygyny aýtdy.

Milli howpsuzlyk müdirliginiň başlygy Masoum Stanakzai Kandagar şäherinde bolan hüjümiň derňewleriniň netijelerini 15-nji iýunda mälim etdi.

Şol bomba partlamasynda 13 adam, şol sanda Birleşen Arap Emirlikleriniň diplomatlary we Kandagar welaýatynyň häkiminiň orunbasary wepat boldy.

Stanakzai bomba partlamany binada aşpez bolup işlän işgäriň amala aşyrandygyny, munuň üçin uzakdan herekete getirýän guraly ulanandygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, “Talybanyň” iki söweşijisi aşpeze 30 müň amerikan dollary möçberinde pul we Pakistanda öý hödürläpdir.

Stanakzai şol hüjümiň “Talybanyň” Pakistanyň Kwetta şäherinde ýerleşýän ýolbaşçylary tarapyndan guramalaşdyrylandygyny aýtdy.

“Talyban” hüjüme gatnaşygy ret edýär.

Howpsuzlyk güýçleri 15-nji iýunda Kabulyň şaýy metjidinde janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran patlamasynda dört adamyň wepat bolandygyny we sekiz adamyň ýaralanandygyny habar berdiler. Hüjümiň jogapkärçiligini "Yslam döwleti" toparynyň öz üstüne alandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG