Sepleriň elýeterliligi

Putin ýyllyk sorag-jogabynda oňynlygy nygtady


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýyllyk sorag-jogap sessiýasynda, 15-nji iýun, 2017

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin jemgyýetçilik bilen döwlet tarapyndan guralan we 15-nji iýunda ýurduň birnäçe esasy döwlet telekanallary tarapyndan görkezilen ýyllyk sorag-jogap sessiýasynda dürli soraglara jogap berdi we öz hökümetiniň edýän işini oňyn tarapdan görkezmäge çalyşdy.

Putine berlen soraglaryň köpüsi ýerli ykdysady we sosial meselelere, şol sanda döwlet pudagyndaky pes aýlyklar, demografik problemalar we saglygy saklaýyşy kadalaşdyrmak ýaly temalar bilen bagly boldy.

Putin ABŞ bilen gatnaşyklar we Orsýetiň 2016-njy ýylyň prezidentlik saýlawlaryna täsir ýetirmek hakynda beren görkezmesi baradaky çaklamalar boýunça ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň geçirýän derňewleri barada sowala jogap berip, ABŞ-da we ýurduň içerki syýasatynda “rusofobiýanyň” ornaşmagyny ýazgardy.

XS
SM
MD
LG