Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Aziada-2017-ä çenli her şenbede ýowara çykmagy buýurdy


Aşgabat, ýowarçylar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy iýunda geçiren hökümet maslahatynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, häkimlikleriň we edara-kärhanalaryň işgärleriniň Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna çenli her şenbede ýowara çykmagyny we daş-töweregi abadanlaşdyrmagyny tabşyrdy.

Şeýle-de ol gök zolaklaryň döredilmegine, adamlaryň rahat dynç almagy, paýtagtyň ekologiýa taýdan arassalygy üçin şert döredilmegine çagyrdy.

Prezident bir gün öň, şäheriň üstünden dikuçarly aýlanyp, 29-njy iýulda edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň işe welosipedli gitmegini teklip etdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, şol gün Aziada-2017-niň başlanmagyna 50 gün galýar.

XS
SM
MD
LG