Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda Jemagat hojalygy instituty döredildi


Ýokary okuw jaýynyň gurluşygy, Aşgabat

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze instituty döretmek baradaky karara 16-njy iýunda gol çekdi.

Bu institutyň binalar toplumynyň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygy aýdylýar.

Täze ýokary okuw jaýynyň bäş fakulteti – jemagat hojalygy, inžener ulgamlary we desgalary, ykdysadyýet we dolandyryş,mehanika-tehnologiýa hem-de hünäri kämilleşdiriş fakultetleri we 17 kafedrasy bolar. 2017-2018-nji okuw ýylynda bu instituta 400 studenti kabul etmek planlaşdyrylýar, olar 12 hünär boýunça bilim alarlar.

Jemagat hojalygy institutyTürkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň garamagyna berildi.

Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda okuw jaýlaryndaky orunlar ýeterlik bolmansoň, on müňlerçe türkmen studenti daşary ýurtlarda bilim alýar.

Mundanam başga, Türkmenistanda bilimiň hiliniň pesdigi, okuwdaky korrupsiýanyň derejesiniň ýokarydygy aýdylýar.


XS
SM
MD
LG