Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek oppozisiýa aktiwisti türmede öldi


Nuriddin Jumanyýzow
Nuriddin Jumanyýzow

Özbek adam hukuklaryny goraýjysy we oppozision aktiwist Nuriddin Jumanyýzow geçen ýyl türmede aradan çykdy diýip, adam hukuklary aktiwisti aýtdy.

Düýbi Parižde ýerlreşýän “Otly ýürekler kluby” atly adam hukuklaryny gorýan bileleşigiň başlygy Mutobar Tojiboýewa 16-njy iýunda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna 69 ýaşyndaky Jumanyýazowyň 2016-njy ýylyň 31-nji dekabrynda ýogalandygyny aýtdy. Resmi dokumentlere görä, ölümiň sebäbi inçekesel we süýji keseli diýlip görkezilipdir diýip, Tojiboýewa aýtdy.

Aktiwistiň sözlerine görä, Jumanyýazow öýlenmedik we onuň jesedi Garagalpagystan sebitinde çet obada ýaşaýan garyndaşyna jaýlamak üçin berlipdir.

Jumanyýazow we onuň kärdeşi Fahriddin Tillyaew 2014-nji ýylda daşkent sudy tarapyndan adam gaçakçylygynda günäli tapylyp, 8 ýyl üç aý türme tussaglygyna höküm edildi. Adam hukuklaryny goraýan toparlar bu hökümleriň syýasy häsiýetlidigini aýdyp, olary berk ýazgardylar.

Jumanyýzow we Tillyaew oppozisiýadaky “Erk” partiýasynyň agzalarydy.

XS
SM
MD
LG