Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Kongresiniň öňdebaryjy demokratlary Trampa duýduryş berdiler


Robert Mueller
Robert Mueller

ABŞ Kongresiniň öňdebaryjy demokratlary 16-njy iýunda prezident Donald Trampyň Adalat departamentiniň ýörite geňeşçisi, Russiýanyň prezident saýlawlaryna gatyşmak ähtimallygy diýilýäni derňeýän derňewçiniň işden boşadylmazlygy barada duýduryş berdiler.

Trampyň ýakyn kömekçisi şu hepdäniň başynda prezident Robert Muelleri işden aýyrmagyň “pikirini edýär” diýeninden soň, Ak tam Trampyň geçen aý bellenen ýörite geňeşçini işden aýyrmakçy bolmaýandygyny, ýogsa onuň şeýle etmäge hakynyň bardygyny aýtdy.

Tramp Federal derňew býurosynyň direktory Jeýms Komini Rus derňewine bir aýdan gowrak ýolbaşçylyk edeninden soň işden aýyrdy we Ak tamyň düşündirişleri Kongres agzalarynyň arasynda, eger derňew prezidente garşy gitse, Robert Muelleriň hem şeýle çemeleşmä duçar bolup biljegi barada howsala döretdi.

Senator Dianne Feinstein, Senantyň Ýuridiki komitetiniň baş demokraty özüniň Tramp Muelleri hem işden boşatmaga synanar diýip, barha beter alada galýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG