Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” gündogar Owganystanda bäş polisiýa ofiserini öldürdi


Gardez hassahanasy

“Talyban” söweşijileri 18-nji iýunda gündogar Owganystanda bir polisiýa edarasyna zabt edip, iki sany ulag bombasyny partlatmak bilen, azyndan bäş ofiseri öldürdi diýip, resmiler aýtdylar.

Paktia welaýatynyň welaýat polisiýasynyň sözçüsi Sardar Wali Tabasim bu hüjüm netijesinde, ölenlerden başga, sekiz sany ofiseriň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Tabasim hüjümçileriň ikisiniň polisiýa tarapyndan atylyp öldürilendigini, ýene biriniň entek söweşi dowam etdirýän wagtynda dördünji janyndan geçeniň öz partlaýjyly guşagyny howlynyň içinde ýarandygyny aýtdy.

Golaýdaky hassahananyň doktory ondan gowrak asuda adamyň hem ýaralanyp,bejergi üçin özlerine getirilendigini aýtdy. Ol bu sözleri anonimlik şertlerinde aýtdy, sebäbi oňa žurnalistler bilen gürleşmek ygtyýarlygy berilmändir.

Içeri işler ministrliginiň sözçüsiniň orunbasary Najib Daniş Gardezde, Paktia welaýatynyň paýtagtynda şeýle hüjümiň bolandygyny tassyk etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG