Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Portugaldaky tokaý ýangyny azyndan 62 adamy öldürdi


Merkezi Portugal, ýanýan tokaý
Merkezi Portugal, ýanýan tokaý

Portugal hökümeti merkezi Portugaldaky tokaý ýangynynyň azyndan 62 adamy öldürendigini, onlarça adamy bolsa ýaralandygyny aýdýar.

17-nji iýun güni giçlik öýleden soň Pedrogao Grande etrapynda turan we çalasyn birnäçe ugra ýaýran ýangyny jylawlamak üçin 600-e golaý ýangyn söndüriji, 160 sany ýangyn söndüriji maşyn eltildi.

"Gynansak-da, busoňky ýyllarda tokaý ýangyny bilen balylykda görlen iň aýylganç betbagtçylyk boljaga meňzeýär” diýip, premýer-ministr Antonio Kosta 18-nji iýunda aýtdy.

"Pidalaryň sanynyň mundan aňryk hem köpelmegi mümkin” diýip, ol Lisbonyň golaýyndaky Graždan goragy ştabynda aýtdy. "Häzir gyssagly edilmeli zat şindi hem howp astynda bolup biljek adamlary halas etmekden ybarat” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Kosta Ispaniýanyň 18-nji iýunda, ýerdäki portugal ýangyn söndürijilerine kömek üçin, iki sany suw-bombasy uçaryny iberendigini aýtdy. Ol basym milli ýas gününiň yglan ediljegini bildirdi.

Ýewropa Bileleşigi Lisbonyň talabyndan soň ýangyn söndüriji uçarlary iberjegini aýtdy.

Ýangynda ölenleriň köpüsi Leiria regionynda ýalyn gaplan maşynlaryndan çykyp bilmän ölüpdir, azyndan 59 adamyň ýaraly bolandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG