Ispaniýanyň paýtagty Madridde birnäçe müň adam proteste çykyp, ýurduň konserwatiw hökümetini öz borçnamalaryny ýerine ýetirmäge hem-de, Ýewropanyň gaýtadan ýerleşdiriş plany esasynda, 17 müňden gowrak bosgun kabul etmäge çagyrdy.
17-nji iýunda ýörişe çykan protestçiler “Biz olara indihoş geldiňiz diýmek isleýäris!Artyk bahana gerek däl, päsgelçilik gerek däl” diýen äpet ýazgyly şygarlaryň arkasyndan “Hiç bir adam bikanun bolmaýar” diýip gygyrdylar.
Ispaniýa2015-nji ýylda 17300 bosguny kabul etmegi wada berdi, emma, Halkara günä geçiş guramasynyň maglumatyna görä, şu wagta çenli bary-ýogy 1300 bosguny kabul etdi.
Bu ýurt Italiýadaky we Gresiýadaky bosgun lagerlerinden 15,888 bosguny, Türkiýeden we Liwiýadan 1449 bosguny kabul etjekdigini aýtdy. Olaryň köpüsi Siriýadan gaçan adamlardy diýip, resmiler aýtdylar.
Fewral aýynda Barselonada bosgunlaryň goldawyna geçirilen ýörişe 160 müň çemesi protestçi goşuldy diýip, resmiler we guramaçylar aýtdylar.
Думаю, Туркменские власти не пойдут на это, потому что если у интернетпользователя будет возможность к спутниковому интернету, то его интернет тракт не пройдет через провайдер ТМ СЕLL. А интернетконтроль пользоват