Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

London: Metjidiň golaýyndaky hüjüm zerarly bir adam wepat boldy ençemesi ýaralandy


Finsbury parkynda musulman metjidiniň golaýyndaky Musulman merkeziniň öňünde ulag ýoldan barýan pyýadalaryň üstüne sürdi, London, 19-njy iýun, 2017

Londonyň demirgazygynda Finsbury parkynda metjidiň golaýyndaky Musulman merkeziniň öňünde ulag ýoldan barýan pyýadalaryň üstüne sürüp, bir adamy öldürdi we ençeme adamy ýaralady. Polisiýanyň aýtmagyna görä, bu ýagdaýyň terrorçylykly hüjüm bilen baglanyşygy derňelýär.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, şaýatlar 19-njy iýunda sagat 12:15 töwereginde bolan bu hüjümiň musulman dinçilere garşy bilkastlaýyn edilendigini aýdansoň 48 ýaşly bir adam ele salnypdyr.

Polisiýa hüjümçi bolmakda güman edilen adamyň ruhy keseller hassahanasyna salnandygyny aýtdy.

“Bir adam wakanyň bolan ýerinde wepat boldy” diýip, polisiýa aýtdy we 10 adamyň ýaralanandygyny, olardan ikisine şol ýerde kömek berlendigini, beýlekileriň keselhana äkidilendigini belledi.

Britaniýanyň musulman geňeşi (MCB) häkimiýetleri metjidiň howpsuzlygyny üpjün etmäge çagyrdy.

Premýer-ministr Teresa Maý hüjümiň terrorçylykly hereket hökmünde derňelýändigini tassyklady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG