Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Dünýä boýunça öz öýlerinden göçürilen adamlaryň sany 65.6 million adama ýetdi


Bosgunlar Mosul şäherini terk edýär, Yrak, 24-nji oktýabr, 2016
Bosgunlar Mosul şäherini terk edýär, Yrak, 24-nji oktýabr, 2016

Geçen ýylyň dowamynda dünýä boýunça öz öýlerinden göçürilen adamlaryň sany 65.6 million adama ýetdi, Günorta Sudanda konfliktiň güýçlenmegi bilen san köpelýär, diýlip BMG-niň bosgunlar edarasy 19-njy iýunda aýtdy.

Dünýä derejesinde öz öýlerinden göçürlen adamlaryň sany bosgunlary, baş pena gözleýänleri we öz ýurdunyň çäginde ýaşamaga ýeri bolmadyk adamlary öz içine alýar. Soňky görkeziji ozalky ýyla garanda 300 müň adam çemesi artykmaç.

BMG-niň bosgunlar edarasynyň maglumatyna görä, 2016-njy ýylda öz öýlerinden ýakynda göçürilen adamlaryň sany 10.3 million adamdan ybarat bolupdyr.

Alty ýyl bäri konflikti başdan geçirýän Siriýada öz öýlerini ilatyň üçden iki bölegi, ýagny 12 million adam terk edipdir, Kolumbiýada 7.7 million, Owganystanda 4.7 million, Yrakda 4.2 million we Günorta Sudanda 3.3 million adam öý öýlerinden jyda düşüpdir.

Siriýa ilatyň aglaba böleginiň öz öýlerini zor bilen terk eden ilatly ýurt.

XS
SM
MD
LG