Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Duşenbe-Astana otly gatnawy ýola goýuldy


Duşenbe-Astana otlusy

Täjigistanyň we Gazagystanyň paýtagtlarynyň arasyndaky ilkinji otly birinji syýahatyny ýerine ýetirdi.

Duşenbe-Astana otlusy 18-nji iýunda Gazagystanyň paýtagtynyň merkezi demirýol wokzalyna bardy.

Gazagystanyň “Žolauşylar Tasymaly” atly ýolagçy gatnaw gullugynyň 19-njy iýunda aýtmagyna görä, iki ýurduň arasyndaky birinji otly gatnawy döwletleriň demirýol gulluklarynyň arasynda ýylyň dowamynda gol çekilen ylalaşyklaryň esasynda ýola goýlupdyr.

Kompaniýanyň aýtmagyna görä, täze aragatnaşyk ugry ýurtlary arasyndaky ýolagçy gatnawyny artdyrar, şeýle-de Astanada geçiriljek “Expo 2017” halkara sergisine barjak adamlaryň sanyny köpelder.

Duşenbäniň we Astananyň arasyndaky otly Özbegistanyň Garagalpagystan Respublikasynyň üstünden geçýär. Bu otly penşenbe günleri Duşenbeden we duşenbe günleri Astanadan ugraýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG