Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň prezidenti Orýete bäş günlük resmi saparyna başlady


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew
Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew 19-njy iýunda Orsýete bäş günlük resmi saparyna başlady.

Gyrgyzystanyň prezidentiniň administrasiýasynyň daşary syýasat boýunça edarasynyň başlygy Aizada Subankojoewanyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, Atambaýew Moskwada Wladimir Putin we beýleki orsýet resmileri bilen iki taraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahat eder.

Migrasiýa, saglygy saklaýyşa we maliýe meselelere degişli ençeme dokumente gol goýlar diýip Subankojoewa aýtdy.

Şeýle-de, Atambaýewiň Orsýetiň Tatarstan we Başkortostan Respublikalarynyň resmileri bilen ykdysady gatnaşyklary ara alyp maslahat etmegine garaşylýar.

Gyrgyzystan Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň agzasy. Şeýle-de, bu gurama Ermenistan, Belarus we Gazagystan girýär.

Gyrgyzystanyň müňlerçe raýaty Orsýetde zähmet migranty bolup, gazanç edýär.

XS
SM
MD
LG