Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen senagatçylarynyň we telekeçileriniň wekili ‘Ylym we sungat rysary’ adyna eýe boldy


Türkmenistanyň Oba hojalyk instituty, Aşgabat

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginde indi “Ylym we sungat rysary” işleýär diýlip, Rambler täzelikler portaly belleýär.

“SNG segodnýa” neşrine görä, Orsýetiň Ylymlar Akademiýasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň oba hojalyk bölüminiň başlygy Şamyrat Herremowy “Ylym we sungat rysary” hormatly ady bilen sylaglapdyr. Bu ada adamzadyň ösüşine öz ylmy işleri, jemgyýetçilik işleri, döredijiligi we ýa-da haýyr-sahawat işleri bilen agramly goşant goşan adamlar mynasyp bolýarlar, diýlip maglumatda bellenýär.

Herremowa berlen hormatly adyň ylmy jemgyýetçiligiň onuň eden işlerine ýokary baha berilmeginiň alamatydygy bellenýär. Maglumatda aýdylyşyna görä, Herremow oba hojalygyň problemalaryna bagyşlanan dürli ylmy işleriň awtory, ol işleriň käbirlerini orsýetli kärdeşleri bilen bilelikde ýazypdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG