Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda ölüme höküm edilen täjik raýatlary jezadan gutularlar


Tajigistanyň Daşary işler ministrligi

Täjigistanyň hökümeti Hytaýda ölüme höküm edilen bäş täjik raýatyna berlen jeza 19-njy iýula çenli ýerine ýetirilmese, olaryň bu jezadan gutuljakdygyny mälim etdi.

Daşary işler ministrliginiň 20-nji iýunda aýtmagyna görä, 19-njy iýunda Pekinde täjik we hytaý resmileri iki ýurduň raýatlary bolan tussaglary öz ýurtlaryna tabşyrmak hakynda ylalaşygyň tassyklanandygy barada dokumentleri alyşypdyr.

2014-nji ýylda iki ýurduň arasynda gol çekilen ylalaşyk, onuň tassyklanandygy hakyndaky dokumentleri taraplar bir-birine gowşurandan soň 30 günden, ýagny 19-njy iýulda güýje girýär.

Häzirki wagtda Hytaýda azyndan 15 sany täjik raýaty tussaglykda saklanýar. Olardan bäşisi ölüm jezasyna höküm edildi.

2016-njy ýanwarda Hytaý Täjigistanyň 51 ýaşly raýaty Hasan Ýusufowa berlen ölüm jezasyny ýerine ýetirdi. Ýusufow neşe gaçakçylygynda günälendi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG