Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astananyň aeroportyna prezident Nazarbaýewiň ady dakydy


Gazagystanyň prezident Nursoltan Nazarbaýewiň heýkeli, Almaty

Gazagystanyň paýtagty Astananyň aeroportyna ýurdy uzak wagt bäri dolandyrýan prezident Nursoltan Nazarbaýewiň ady dakydy, diýip döwlet mediasy, hökümetiň kararyna salgylanyp, 21-nji iýunda habar berdi.

Döwlet eýeçiligindäki “Kazahstanskaýa prawda” gazetinde çap bolan maglumata görä, Astananyň Halkara aeroportunyň adyny çalyşmak karary dessine güýje giripdir.

Nazarbaýewiň ady mundan öň milli uniwersitete we birnäçe mekdebe dakyldy.

Şeýle-de ýurtda Nazarbaýewiň ençeme heýkeli dikildi.

Halkara aeroportuna prezidentiň adyny dakmak teklibi 2009-njy ýylda öňe sürülipdi.

Şu ýylyň başynda Merkezi Aziýanyň ýene bir ýurdy Özbegistan öz aeroportuna öňki prezident merhum Yslam Kerimowyň adyny dakdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG