Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hamenei Yragy ABŞ bil baglamazlyga we şaýy söweşijilerini gowşatmazlyga çagyrdy


Eýranyň baş ruhany lideri Aýatolla Hamenei (s) we Yragyň premýer-ministri Haidar al-Abadi, Tähran, 20-nji iýun, 2017.

Eýranyň baş ruhany lideri Aýatolla Hamenei 20-nji iýunda eden çykyşynda Yragyň liderlerine şaýylaryň ýarym resmi toparlaryny gowşatmazlyga we “Yslam döwleti” (YD) toparyna garşy söweşmekde ABŞ bil baglamazlyga çagyrdy.

Yragyň premýer-ministri Haidar al-Abadi bilen Tähranda geçiren duşuşygynda Hamenei şaýy söweşijileriň Yrakda sünni ekstremist topara garşy durýan esasy güýçdügini belledi, şeýle-de Bagdadyň ABŞ ynam bermeli däldigini aýtdy, diýip Eýranyň döwlet mediasy habar berdi.

Halk fronty diýlip atlandyrylýan şaýy söweşijiler Bagdada 2014-nji ýylda ýurdy YD toparyna garşy söweşmekde ýardam beripdi, şonda Yragyň harbylary we polisiýa güýçleri yza çeklipdi. Şondan bäri Eýran tarapyndan goldanýan jemi sany 60 müň çemesi şaýy söweşijiler Yragyň demirgazyk we günbatar böleklerindäki giňişlikleri YD toparyndan gaýdyp almak boýunça söweşlere gatnaşýarlar.

Demirgazyk Yrakdaky käbir arap liderleri Bagdatdan şaýyaryň ýaragly toparlaryny dargatmagy ýa-da olary sünnileriň köplük bolup ýaşaýan regionlaryndan çykarmagy soradylar, bu çagyryşlar Eýranyň ýolbaşçylarynda nägilelik döretdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG